Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşunyň muzeýine gezelenç gurnaldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Watan üçin döş gerip göreşen gerçeklerimiz aýratyn uly hormat bilen hatyralanýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde gül desseleri goýulýar. Olaryň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri, tylda çeken göreldeli zähmeti, häzirki döwrümiziň eşretini görüp ýaşaýan ýaş neslimiz üçin terbiýe hem görelde mekdebi bolup, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezýär. 

Ikinji jahan urşy adamzat taryhynda örän agyr we elhenç yz galdyran uruşlaryň biri boldy. Türkmenistanly gerçekler hem faşizime garşy aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, mähriban topragymyzyň azatlygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda şirin janlaryny orta goýdular. Biz Watan üçin, ar-namys üçin gaýduwsyzlyk bilen söweşen merdanalarymyzyň öňünde mydama baş egýäris, olary hormatlaýarys. Türkmen gerçekleriniň gahrymançylyklary Watany söýmegiň we ony goramagyň ajaýyp nusgasy bolup, halk öz gahrymanlaryny hiç wagt hakydasyndan çykarmaýar. 

Goý, bu zatlaryň ählisi hakyda bolsun! Ýatlama bolsun! Ýaş nesillerimiz hiç haçan uruş belasyny görmesin! 

Goý, bize bu ajaýyp durmuşy bagyş edip, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk, hoşniýetlilik gatnaşyklaryny ýola goýýan, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP