Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda zenan lukmanlarymyzyň arasynda zenan mukaddesligi, ýaş nesillerimiziň milliligimizi kämilleşdirmekde, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk häsiýetleri terbiýelemek, düzgün tertip we ahlaklylyk barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Çykyş edenler öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlara, gyz-geliniň terbiýesine juda uly üns berilýär. Türkmen halky gadymy halk bolşy ýaly, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi hem örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändir.

Zenan maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir. Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem nusgadyr. Aslynda, türkmen zenanynyň balasyny çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk döwürlerinde terbiýeleýşi özboluşly bir mekdepdir. Gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini gülden näzik gyzlarynyň aňyna ýaşlykdan guýýarlar.

Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Onuň nesil ulgamy ösüp-örňäp, şaha ýaýyp, dowamat-dowam bolýar diýip jaýdar belläp geçdiler.

Ýurdumyzyň parahat, maşgala ojaklarynyň abat bolmagy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

TSTP