Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi. Bu baýram türkmen halkynyň Watan erkinligi hakyndaky köpasyrlyk arzuwlary bilen häzirki döwürde gazanan üstünliklerimiziň we öňde duran beýik maksatlarymyzyň sazlaşygyny alamatlandyrýar. Döwlet baýdagynyň astynda beýik ösüşlerimiz aýratyn mana eýe boldy. Bu bolsa mähriban Watana wepaly gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, milli gymmatlyklara sarpa goýmagyň beýik nusgasyny dabaralandyrýar. Duşuşykda edilen çykyşlarda Döwlet baýdagymyzyň şekilleri, mukaddesligi, Watana bolan beýik söýgi hakynda täsirli gürrüňler edildi.

Döwlet baýdagymyzdaky zeýtun baldajygynyň şekili Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň beýany bolup, pederlerimiziň däpleriniň baglanyşygyny, milli özboluşlylygy we halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini bitewi sazlaşykda beýan edýär. Bu ýerdäki çykyşlarda bular hakynda edilen gürrüňler duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. Şeýlelikde, agzybirligi, ylalaşygy we parahatçylygy aýdyň beýan edýän döwlet nyşanlarynyň şunuň ýaly şekil bilen berkidilmegi dünýä taryhynda ilkinji gezek ýüze çykdy. Bu bolsa mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň Döwlet baýdagymyza, mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

TSTP