Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BEÝIK GAHRYMANLARA – BAKY ŞÖHRAT

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde uruş ýyllarynda frontda janlaryny aýaman söweşen hem-de tylda edermenlerçe zähmet çeken watandaşlarymyza uly hormat goýýarys. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabarada çykyş edenler külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda söweşen hem-de gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesiniň belent tutulýandygy barada buýsanç bilen aýtdylar. Ýowuz urşuň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen watandaşlarymyz Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Olaryň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrüldi. Watana, il-güne, ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer zenanlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Uruş döwründe gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty, arzuwdyr umytlary bilen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly dokaldy. Edermen pederlerimiz parahatçylygy gorap, öçmez-ýitmez şöhrat gazandylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyna, baky berkarar ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylandygyna bolan buýsanç çykyşlaryň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan gerçeklerimiz bolan uruş weteranlary hem-de ýalňyz ojaga wepaly enelerimiz ýurdumyz  üçin edýän çäksiz aladalary hem-de uruş weteranlaryna goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

TSTP