Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Telekeçileriň kanuny bähbitleri

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynyň çäginde ýerleşän “Altyn tug” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda 2021-nji ýylyň mart aýynyň 10-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleri bilen,   döwrebap ýyladyşhanada zähmet çekýän işgärleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen wagyz nesihat çäresiniň esasy mowzugy “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Türkmenistanyň kanunyny barada boldy. Ol ýerde telekeçileriň hukuklarynyň kanun esasynda goralýandygy barada buýsançly çykyşlar ýerine ýetirildi.  Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň arasynda telekeçileriň wekilleriniň bolmagy we olaryň telekeçileriň bähbidini nazara alýan döwrebap kanunlaryň işlenip taýýarlanmagyna goşýan goşandy dogrusynda giňişleýin bellenip geçirildi. Şeýle-de  ýurdumyzda telekeçilikde döredilýän ähli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy. Hususyýetçileriň hak howandary Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy elmydama aman bolsun.

TSTP