Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan – Ýaponiýa: dostluk, hoşniýetlilik, netijelik» atly wagyz - nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO - 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete nobatdaky sapary täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir.
Nobatdaky Bütindünýä sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar astynda geçirilip, «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly üç mowzuk boýunça guralýar. Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi. Bu sergä halkara guramalaryň ençemesi hem-de dünýäniň 160-a golaý döwleti gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda, umumylykda, 184 gün dowam etjek giň gerimli Bütindünýä sergisiniň çäklerinde köp sanly milli günler guralar. Şu wagtyň dowamynda bu iri forum ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, ykdysadyýeti, şeýle hem soňky ýyllarda innowasion ösüşde, esasan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryndaky, ýagny gurluşykdaky, energetikadaky, senagatdaky, ulag-aragatnaşykdaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga hem aýratyn üns berler.
Çar künjeginde geçirilýän «EKSPO - 2025» sergilerinde milli pawilýonlarymyzyň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzyň geçmişini, şu günini, innowasion ösüşiň täze mümkinçiliklerini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hakynda ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, umuman, Garaşsyz Watanymyzyň hakyky keşbini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda örän ähmiýetlidir.
TSTP