Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GANATLY BEDEWLER

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  «Ganatly bedewler» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli mirasy, däp-dessurlary onuň nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklary halkyň özboluşlylygyny, milliligini şöhlelendirýär. Pederlerimiz gadymdan gelýän milli we medeni gymmatlyklaryny gözleriniň göreji deýin gorap, nesillerimize geçirmek ugrunda uly aladalar edipdirler. Türkmen halysy, keçesi, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaýy, nepis şaý-sepleri, ketenisi, gyrmyzy dony, silkme telpegi, dutardyr gyjagy — bular diňe türkmeniňki diýdirip duran milli gymmatlyklar. Şunda bedewlerimiziň adamzadyň ýakyn syrdaşy hökmünde taryha girmeginde uly many bar. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri nesillerine miras goýupdyrlar. Uly iliň ýagşysyna ýaran, il üçin janyny orta goýan asylly gerçekler bolsa ykbalyny bedewinden üzňe tutmandyrlar.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana ýaň salýar, sarpasy has-da belende göterilýär. Ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplanylýar. Türkmeniň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Ahalteke atlary dünýäde iň gadymy tohum aty bolup durýar.

Her güni ruhubelentlikde garşylaýan bagtyýar halkymyzyň toýlary yzygider gelýär. Şol baýramlaryň hatarynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy agzybirlikde, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Bu baýramyň döwlet derejesinde şatlyk-şowhuna beslenip bellenmegi bedewlere uly hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Bu günki gün atçylyk pudagy hakyky rowaçlyga eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bedew halkymyzyň aňynda arzuwlaryň amala aşmagynyň, maksada okgunlylygyň we ýeňşe bolan mizemez erkiň nyşany bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi ýurdumyzyň nurana keşbini, beýik ýeňişlere we rowaçlyklara okgunlylygyny özünde jemlemek bilen özgerişleriň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslensin!

TSTP