Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ ŞÖHRATY BELENDE GÖTERILÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň  guramagynda Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  «Türkmen bedewleriniň şöhraty belende göterilýär» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar. Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri mynasyp orny eýeleýär diýip giňişleýin belläp geçdiler. Baýramçylyk dabarada Şabat etrap medeniýet bölüminiň we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimizi, ata Watanymyzy, ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi wasp edýän şirin owazly aýdymlary bilen bu ýere ýygnanan adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. 

Aýdym-sazly baýramçylyk çäräniň dowamynda ýurdumyzda asuda, parahat, sagdyn durmuşda ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan ediler.

TSTP