Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda ýaşlary telekeçilige çekmek, olara telekeçilik işine başlamaklyga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek bilen bagly «Biznes inkubator» atly çäresi geçirildi.
Hususy telekeçiligi goldamakda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususy pudagyň ösüşini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň depginli ösdürilmegini üpjün edýär. Bu babatda degişli kanunçylyk binýadynyň döredilendigini bellemek hem möhümdir.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlary telekeçilige çekmekde, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamakda birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Ýaşlary telekeçilik bilen meşgullanmaga giňden çekmek, olara bu babatda degişli goldawlary bermegi göz öňünde tutýan çäreleriň toplumydyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde 2025-nji ýylda geçirilmeli çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň orta okuw mekdeplerinde degişli çäreler geçirilýär.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda ýaşlara giň goldaw berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP