Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

SAGDYN NESIL – SAGDYN JEMGYÝET

Adam saglygy jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygydyr. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň mart aýynyň 31-den aprel aýynyň 6-sy aralygynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde gurnamagynda,paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» sport toplumynda «GBM Futbol Cup kids» atly 8-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasyndaky «Futbol» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzgalaňly bolup oňa 24 topardan ybarat bolan jemi 200 sany oýunçy gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda bäsleşigiň netijesi boýunça aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. 

Bäsleşigiň ahyrynda çärä gatnaşyjylar ýaş nesillerimize giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP