Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ DAŞARY SYÝASATY DABARALANÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasaty dabaralanýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalaryna bagyşlanan duşuşyga hususy ulgamda zähmet çekýänler gatnaşdy.

Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, taryhy wakalaryň bolup geçýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilýändigi, döwletli ýörelgeleriň rowaç alýandygy dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Samarkant şäherinde geçen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşandygy we çuň manyly çykyş edendigi bilen bagly gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler, bu wakalaryň taryhy ähmiýeti barada aýtdylar.

Täsirli geçen duşuşykda Watanymyzyň halkara abraýyny we şan-şöhratyny arşa göteren, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryň işjeňleşmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP