Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

BITARAPLYK: BELENT YKRARNAMA- AJAÝYP SAZLAŞYK

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Bitaraplyk: belent ykrarnama - ajaýyp sazlaşyk» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda  gün saýyn pajarlap ösýän, diýarymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Watanymyzyň  Halkara abraýy                          gün-günden belende galýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa ýene-de bir taryhy wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy dost-doganlyk hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä ähmiýetli forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda yzygiderli alada etýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP