Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmen Bitaraplygy: parahatçylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk» atly maslahaty geçirildi. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün bütin dünýäde dabaralanýar. Munuň şeýledigini 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň tassyklaýar. Häzirki ajaýyp döwürde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýar. Dünýäniň abadançylygy, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar her bir ynsanyň arzuwydyr. Şeýle asylly we beýik maksatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp ösdürilýär. Bu asylly işler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda has-da giňden dünýä ýaýylýar. Ýurdumyz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, esasynda özara bähbitli gatnaşygyny yzygiderli ösdürýär. Dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini we goralmagyny kepillendirýär. Türkmenistan bütindünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly sebitdäki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Tutuş dünýäde ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilmegi hem-de asylly işleriň alnyp barylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda Bitaraplygyň we parahatçylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi ýokary baha berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän hemişelik Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy. Bularyň ählisi halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP