Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN: PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLY BILEN

Golaýda  Daşoguz welaýat maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň  guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaplarynda jaýdar belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda halkara bileleşige agza döwletleriň ählisiniň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ýörite Kararnamany kabul edip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegi we goldanylmagy halkymyzyň ykbalyna oňyn ösüşi üpjün eden, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen taryhy ähmiýetli wakalardyr. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi hem taryha altyn harplar bilen ýazylandyr. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny tassyklaýar. Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamakda başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigini birnäçe halkara maslahatlardaky hem-de forumlardaky çykyşlarynda nygtady. Munuň özi Bitaraplyk taglymatynyň döwrebaplygyny, yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyny beýan edýär diýip giňişleýin  belläp geçdiler. 

        Duşuşygyň ahyrynda parahatçylyk ýörelgelerini ähli tutumlaryň gözbaşy hökmünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP