Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy «Bitarap Türkmenistan – durnukly geljege barýan ýol» atly maslahatgeçirildi.
Berkarar döwletimiz täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň üns merkezinde. Geçen ýyllarda döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. Hormatly Prezidentimiz diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Ol teklipler parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna ýardam berýär.
Hemişelik Bitaraplygymyz munuň özi jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň, şol sanda dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatymyzda esasy ýol görkeziji bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyna eýerip, ösüş ýoly bilen öňe barýandygy, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslandyrýandygyny buýsançly nygtamagy bolsa - munuň aýdyň kepilidir.
Pursatdan peýdalanyp, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has pugtalandyrýan we ony ýokary derejelere çykarýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP