Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk we Bitaraplyk – bütindünýä ynamyň nyşany» atly maslahaty geçirildi.
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Bitaraplyk ýörelgelerini halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda iş ýüzünde ulanyp bolýandygy baradaky hakykat barha aýdyň ýüze çykýar. Şunda türkmen Bitaraplygynyň täze garaýyşlar we işläp düzmeler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýan, häzirki zaman şertlerine, döreýän howplara uýgunlaşýan döredijilikli hadysadygyny bellemek gerek. Onuň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy BMG-niň esas goýujy maksatlaryna ýetmäge, ählumumy derejede parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP