Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

HEMIŞELIK BITARAPLYK - BAGTYMYZ

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli şanly wakadyr» atly maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýa tarapyndan «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Bitarap döwletimize bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli, oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähltaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

TSTP