Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

NOWRUZ TÜRKMENLERIŇ GADYMDAN GELÝÄN MILLI BAÝRAMYDYR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Nowruz türkmenleriň gadymdan gelýän milli baýramydyr» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

           Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  saýasynda ýurdumyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde, şol sanda Jeýhuny ýakalap oturan Lebap topragynda hem Halkara Nowruz baýramy şatlyk-şowhun bilen uludan toýlanýar. Bilşimiz ýaly asyrlar geçse-de, bu baýramyň ähmiýeti peselmeýär. Taryhy tapgyrlary geçip gelen Nowruz türkmen halkynyň häzirki durmuşynda-da möhüm orun eýeleýär.  Bu toý türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýeten belent derejeleriniň toýydyr diýip çykyşlarda buýsançly gürrüňler edildi. Nowruz barada aýdylan atalar sözleri, goşgular bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

          Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar bagtyýar ilimizi toýlardan-toýlara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP