Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

KABUL EDILEN KONSEPSIÝA HALKARA GATNAŞYKLARYŇ HIL TAÝDAN TÄZE TAPGYRYNA GEÇMEK

Golaýda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Kabul edilen Konsepsiýa halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň halkara derejede alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty dünýäde giňden dabaralanýar. Türkmen halky ynsanperwerlik parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Çykyş edenler pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirliginiň, parahatçylygynyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär diýip giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda halkymyza bagtyýarlygy bagyş edýän, dünýä halklarynyň parahat ýaşaýşyny nazarlaýan başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP