Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY – TÜRKMENISTAN” ATLY MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «TÜRKMENISTAN- DÖWREBAPLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ DIÝARY»

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI.

    2026-njy...

  • “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

    Şu gün...

  • «GAHRYMAN ARKADAGLY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝURTDA - HALK BÄHBITLI BEÝIK IŞLER ROWAÇLANÝAR» atly maslahaty geçirildi.

    Maslahatda...

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK – BELENT YNSANPERWERLIK

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk söýüjilik – belent ynsanperwerlik» atly maslahat geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, birleşmesiniň agzalary gatnaşdy.

Çykyşlarda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden toý edilmeginiň ähmiýeti, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini has-da arşa götermek ugrundaky tagallalary dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP