Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Balkanabat şäherindäki «Türkmennebit» DK-nyň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýaşlary telekeçilige çekmek, olara telekeçilik işine başlamaklyga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek bilen «Ýaşlar Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Häzirki zaman ykdysadyýetinde ýaşlaryň telekeçilige çekilmegi we özbaşdak işewürlige başlanmagy döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň üçin ýaşlara zerur bilimleri, tejribeleri we mümkinçilikleri hödürlemek maksady bilen, dürli biznes inkubator çäreleri guralýar.
Biznes inkubator, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we täze işewürlik ideýalaryny ösdürmek üçin ýörite döredilen platforma bolup, ol ýaşlara tejribeli telekeçiler bilen duşuşmak, maýa goýumlary gözlemek, marketing strategiýalaryny öwrenmek ýaly mümkinçilikleri berýär.
Bu çäreniň esasy maksady ýaşlaryň işewür pikirlerini ösdürmek, olary başlangyç ädimlerde goldamak we telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdyrmakdyr. Biznes inkubator diňe bir telekeçilik işini ösdürmek bilen çäklenmän, ýaşlaryň ykdysadyýetde işjeň orny eýelemegine we innowasion başlangyçlara goşant goşmagyna hem itergi berýär. Şeýlelikde ol täze iş orunlarynyň döremegine, bazarda ukyply kärhanalaryň emele gelmegine ýardam edýär. Biznes inkubator ýaşlaryň geljegi üçin möhüm ädim bolup, telekeçilik ukyplaryny ösdürmek isleýän her bir ýaş üçin uly mümkinçilik döredilýär.
Goý, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP