Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

DÜNÝÄNIŇ GÖRKI, DURKY BOLAN MÄHREM ZENANLAR

Şu günler ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär şeýle çäräleriň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda «Dünýäniň görki, durky bolan mährem zenanlar!» atly şygar astynda geçirildi.

Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Çünki diňe zenanlar mukaddesliklere deňelmäge mynasypdyrlar. Kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda özleriniň saldamly goşandyny goşýan zenanlarymyzyň baýramçylygy her ýylyň 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» hökmünde dünýäniň ähli sebitlerinde halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gyz-gelinlerine döwletimiz tarapyndan pul sowgady berilýär, bu bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bagtyýarlygyny şöhlelendirýär.

Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak  bolsun!

TSTP