Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty – parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy döwrebap ýola goýmaga hem-de ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine ygrarly bolup gelýär.

Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynda uly ruhubelentlik döretdi. Ýurdumyzyň raýatlary döwlet berkararlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, parahat durmuşymyza guwanyp, Watany jandan söýmegi mukaddes borjy saýýarlar. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňilliklerdir goldawlar olaryň ýurdumyza, Milli Liderimize, döwlet Baştutanymyza bolan söýgüsini, Watanymyzy mundan-da belent derejelere ýetirmek ugrundaky yhlasyny artdyrýar.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler giň gerime eýe bolýar. Biz hem wagyz-nesihat çärelerini geçirip, olaryň täsirli bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Şol çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler, olary durmuşa geçirmekde tutanýerli, döredijilikli we netijeli zähmet çekmegiň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmagyň belent borçdugy barada giňişleýin gürrüň edilýär. 

TSTP