Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

SAGLYK ARASSAÇYLYKDAN BAŞLANÝAR

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gözel diýarymyz has-da gülleýär gül açýar, bize bu ajaýyp durmuşda arassa halal zähmet çekmek şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillere görelde mekdep bolmak paýy düşýär. Şeýle-de biz jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň esasy maksadyna daýanyp Şu günlerde ýurdumyzda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada işleri geçirmek barada halk köpçüliginde wagyz – nesihat etmek işleri alyp barýarys.

Her bir işde halkymyza, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesle şahsy görelde görkezýän, döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň ylymly – bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

TSTP