Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwaty ýokarlanyp, parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde halkara abraýy täze belentliklere çykýar.
Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu başlangyçlar parahatçylyk we ynanyşmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu aýdýanymyza mysal hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, we ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryny ýatlamak bolar.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan parasatly daşary syýasaty adamzat jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Sebäbi, bu syýasat Ýer ýüzünde parahatçylygy, birek-birek bilen ynanyşmagy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasatydyr. Döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň uly geljegini nazarlaýan ygtybarly ýörelgedir. Bilşimiz ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak bütin adamzadyň abadan ertirini üpjün etmekde biri-biri bilen berk baglanyşykly iň gymmatly düşünjelerdir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP