Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

MEDENI MIRAS-MILLETIŇ MERTEBESI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we maddy däl medeni-mirasymyzy, milli gymmatlygymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Medeni miras-milletiň mertebesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy we gezelenç gurnaldy.

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişinde dünýä genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eseriniň ýüzlerçesini döretdi. Ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana rahat beriji saz bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär.

Häzirki döwürde içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli haly önümlerine bolan uly islegi kanagatlandyrmak wezipeleri bilen bir hatarda, haly dokamagyň milli däpleri goralyp saklanýar, gadymy nusgalar hem-de nagyşlar dikeldilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda täze fabrikler gurulýar hem-de işe girizilýär. Halyçy gelin-gyzlar üçin amatly şertler döredilýär.

Çykyşlarynyň ahyrynda, haly sungatyny ösdürmekde döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.

TSTP