Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy Gahryman Arkadagymyzyň asylly döwletli ýol-ýörelgeleri» atly  wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi.             

         Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň mazmuny halklaryň abadançylygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk, dostluk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde ýurdumyzyň tagallalaryny öz içine alýar, onda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi esasynda daşary syýasat strategiýasyny alyp barýan ata Watanymyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary hem-de taryhy ýyl bilen baglanyşykly meýilleşdirilen çäreleriň beýan edilýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler. 

Duşuşygyň dowamynda döwletimiziň halkara abraýyny, şan-şöhratyny Arş deňine ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP