Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda Türkmen oba hojalyk institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaşlary telekeçilige höweslendirmek, goldamak maksady bilen, ýaşlaryň telekeçilik işine başlamagyny ýönekeýleşdirmek, çaltlaşdyrmak hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanmaklyga isleg bildirýänler bilen «Agroinnowasiýalar: durnukly oba hojalygynyň geljegi»  atly Start-up bäsleşigi geçirdi. Bäsleşik esasan: ideýanyň, taslamanyň wajyplygy,  bäsleşige ukyplylyk aýratynlyklary, ideýanyň, taslamanyň taýýarlanyş hiliniň derejesi, taslamany goraýyş derejesi, taslamany durmuşa ornaşdyrmak mümkinçiligi ýaly ugurlary boýunça geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan talyplar özleriniň  taýýarlan işlerini görkezip diýseň ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşik diýseň täsirli bolup oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaşlara şeýle döredip berýän  giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler. Netijede ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan talyplara Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň adyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

TSTP