Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, «Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir». Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze işinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.
Dabaranyň ahyrynda halkyny baky bagtyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.
TSTP