Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

TÜRKMENISTAN WE HALKARA: PARAHATÇYLYK WE ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan we halkara: parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdir» diýip belledi.

Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP