Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, medeniýet ulgamynyň işgärleri, partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. 

Çykyş edenler beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigi barada durup geçdiler.

Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp kitaby bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi. 

Kitap tanyşdyryş dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP