Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentiniň «Magtymguly –Dünýäniň Akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýeti Magtymguly Pyragy, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin dünýä medeniýetiniň we ruhy mirasynyň gymmatly şahsyýetiniň biri bolup durýar. Onuň döredijiligi diňe bir poeziýanyň iň kämil nusgalaryny bermek bilen çäklenmäni eýsem umumadamzat gymmatlyklarynyň we ahlak kadalarynyň beýan edilmeginde hem aýratyn orun tutýar. Magtymguly dünýä akyldary atly kitap bu beýik şahsyýetiň dünýä garaýşyny döredijiligini we onuň dünýä akyldarlary bilen baglanyşygyny giňişleýin açyp görkezýän gymmatly eserleriň biridir.
Magtymguly dünýä Akyldary atly kitabyň mazmunynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä akyldarlarynyň, filosoflarynyň we şahyrlarynyň pikirleri bilen deňeşdirip öwrenýär. Kitapda Magtymgulynyň goşgularynyň onuň moral-etiki garaýyşlarynyň ylym ybadat we şahsy azatlyk baradaky pikirleriniň dünýäniň beýik akyldarlarynyň işlerinde nähili orun alýandygy çuňňur seljerilýär Magtymguly Pyragynyň söz sungaty filosofiýasy we ynsanperwerligi bu eserde aýratyn üns bilen beýan edilýär.
Kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň diňe bir milli gymmatlyk hökmünde däl eýsem ummumadamzat medeniýetine goşulan uly goşant hökmünde seredilýändigi bellenilýär Dünýä akyldarlary bilen deňeşdirilmegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ýokary baha mynasypdygyny görkezýär. Şeýlelikde bu kitap türkmen edebi mirasynyň dünýä derejesinde tanalmagyna öwrenilmegine we nesillere ýetirilmegine uly itergi berilýär.
Magtymguly Dünýäniň Akyldary atly kitap türkmen edebi mirasyny öwrenmek we wagyz-etmek üçin möhüm çeşme bolup durýar Ol diňe bir Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýänler üçin däl eýsem dünýä edebiýatynyň filosofýasynyň we medeniýetiniň işlerine gyzyklanýan her bir okyjy üçin möhüm maglumatlar we ylham çeşmesidir Magtymguly Pyragynyň dünýä akyldarlary bilen baglanyşykly mirasynyň öwrenilmegi türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň we medeni mirasynyň dünýä derejesindäki gymmatlygyny has hem güýçlendirýär. Şu pursatdan peýdalanyp Bize okamana işlemäne döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýtýarys Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!
TSTP