Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

DOSTLUK MEKANYNYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Dostluk mekanynyň parahatçylyk mukamy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen eziz Diýarymyz ähli ulgamlarda çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň aýdyň netijeleridir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasyny döretdi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa has-da buýsançlydyr. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Watana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen bu Karar ildeşlerimiziň arasynda gyzgyn goldaw tapyp, ählimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Gadam basylan 2025-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak ýyl bolar. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşen bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34  ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 30  ýyllygynyň toýuny toýlar.

Biz ulus-ilimiz bolup, ata Watanymyzyň berkararlygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30  ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamalydyrys, şanly ýylymyzy ähli ugurlarda üstünliklere beslemelidiris. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

TSTP