Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

DÖWLETLILIGIŇ DAÝANJY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatlary-milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk güni uly we köp öwüşginli dabaralar bilen bellenilýär. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu eýýam bolsa ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda düýpli özgertmelere beslendi. 

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky işleri barada maslahat edildi. Hormatly Prezidentimiziň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işiniň guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahat edildi. Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde ýurdumyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy dabaralar tutuş ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we şäherlerinde  dowam etdirilýär. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP