Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

PARAHATÇYLYK ÝOLLARY DÜNÝÄ UZAÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Parahatçylyk ýollary dünýä uzaýar» atly maslahaty geçirildi.

 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz  öz ösüşiniň täze basgançagyna gadam basdy. Parahatçylykda gülläp ösýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halky şan şöhratly taryhynyň ýene bir nurana sahypasyny açdy. Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine öwrüldi. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde ylymda, bilimde, sportda şonuň ýaly-da daşary syýasatda beýik işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň halklary bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Biz Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin saýlap alan ýolumyzy «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk.

Şoňa görä, ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar» – diýip belleýär. Hut şu babatda hem  eziz Diýarymyz  bütin dünýäniň döwletlerine dostluk ýollaryny açyp, ynsanperwerlik syýasatyny amala aşyrýar. Munuň özi ykdysady we syýasy netijeleriň hem ýokary bolmagyna itergi berýär.

Türkmenistan örän gysga döwrüň içinde dünýäniň döwletleri, halkara guramalary bilen işewür hyzmatdaşlyga girdi. Biziň ýurdumyz Bitaraplyk döwrüniň dowamynda dünýäniň 140-dan gowrak döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen gatnaşygy berkitmeklige gönükdirlendir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine girýän döwletleriň aglabasy bilen söwda ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň bähbitleri bolman, eýsem goňşy döwletleriň hem ykdysady  ösüşine uly täsirini ýetirýär.

Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP