Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TÜRKMEN BITARAPLYGY SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGYŇ KEPILIDIR, YLMY-INNOWASION ÖSÜŞIŇ ÖZENIDIR

Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän, Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda «Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygyň kepilidir, ylmy-innowasion ösüşiň özenidir» atly aýdym-sazly medeni çäre hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisi geçirildi. Bu dabaraly çärä institutyň hünärmenleri, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşyp, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan sergä syn etdiler. 

Dabaranyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna, ylym, bilim, önümçilik arabaglanyşygyň hem-de binagärlik sungatynyň  kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlara we talyp ýaşlara baýramçylyk mynasybetli Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

TSTP