Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga göreldämiz» atly dabaraly çäresi maslahat geçirildi.
Parahatçylygy söýmek, dostluga hormat goýmak, doganlyk gatnaşyklaryny saklamak türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, milli ýol-ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýär. Merdana ata-babalarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly ýörelgeleri bilen dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna, halklaryň arasynda agzybirligiň rowaçlanmagyna uly goşant goşupdyrlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmagy berkitmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönük dirilen taýsyz tagallalarynyň halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtamagy ähli halkymyzy buýsandyrdy. Baky Bitarap Watanymyzyň şan şöhratyny dünýä ýüzünde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys!
TSTP