Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylyk we ösüş syýasatydyr» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabarada taryhy döwrümizde Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzda giňden bellenip geçilmeginiň uly mana eýedigi, bu gün Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha belende göterilýändigi, Hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Dabaranyň dowamynda M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary şanly senä bagyşlanan dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Ösüşli-özgertmeli döwrümiz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy sungat çykyşlarynda joşgunly waspyny tapdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP