Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

NESILLERIMIZ BEÝIK GELJEGIMIZDIR

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda ýaşlary telekeçilige höweslendirmek «Nesillerimiz beýik geljegimizdir» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ýaşlara uly ynam bildirilýär. Halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz talyp ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirmeginiň zerurlygy hut şunuň bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary ahlaklylygyň hem-de eziz Watanymyza we halkymyza çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýär.

Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.

Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.

Älem giňişliginde sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaşamak, okamak, döretmek, öz zehiniňi açyp görkezmek bagtyna eýe bolan biz-ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys.

TSTP