Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DAŞARY SYÝASATY ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär»  atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan döwletimiz bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk alan ilkinji gününden bäri bu ýörelgäni şygar edip gelýär. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatymyz uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasaty ugrunda hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalary bilen ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ygtybarly gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini günsaýyn giňeldýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP