Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

BEÝIK PYRAGY – DÖWLETMÄMMET AZADYNYŇ USSAT ŞÄGIRDI

Şu gün Daşoguz Maliýe we ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň gurnamagynda ata – babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ruhy mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden ündew etmek maksady bilen «Beýik Pyragy – Döwletmämmet Azadynyň ussat şägirdi» atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň  döredijiligine ýokary baha berip:  «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk,bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň goşgusynda bularyň hemmesini  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, iki setire sygdyrypdyr, we bu ajaýyp şygyry bolsa . Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy diýip duşuşyga gatnaşanlar aýratyn belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda  halkymyzy gülläp ösmeginde we dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP