Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Kitap üstünligiň açary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ýiti eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny milli mirasa sarpa goýmak, zähmete söýgini döretmek Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren atalyk kitaplarynyň içinden eriş – argaç bolup geçýär  «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumyadamzat ynsanperwer ýörelgeleri ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar.  Bu eser Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan bu taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder. 

Eziz Diýarymyzy bedew batly, okgunly ösüşlere besleýän, ýurdumyzy ösdürmeklige ähli taraplaýyn giň ýollar açýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri  uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç alsyn.

TSTP