Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY- BEÝIK ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Golaýda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Köpugurly hassahanasynda hem-de Tiz kömek merkezinde dabaraly maslahat geçirildi.

Saglygy goraýyş işgärlerine döredilýän mümkinçilikleri we döredilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş lukmanlarymyzyň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin hoşallyk sözleri beýan etdiler.

TSTP