Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi tarapyndan oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Gaýduwsyzlygyň ajap nusgasy – Türkmen alabaýy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmen alabaýynyň ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar türkmeniň geçmişinde häzirki döwürde esasy orny eýeleýändigini giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP