Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: GELJEKKI ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky Medeniýet öýinde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda  «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: geljekki ösüşleriň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi.

Ynha bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçirildi bu Günki gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar, gurýar, döredýär. Bedew batly ösüşli ýurtda halkymyzyň her bir güni altyn harplar bilen taryha ýazylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle hem, eziz Diýarymyzyň geljeginiň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläkde, döwrebap özgertmeleri giňden durmuşa geçirmegiň, milli demokratiýany dabaralandyrýan, milli kanunçylygymyzy ähliumumy ykrar edilen kadalar esasynda kabul etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi diýip maslahatda çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. 

Maslahatda halkymyzy gülläp ösmeginde we dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP