Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

HALK MASLAHATY-HALKYŇ ERK ISLEGINIŇ BEÝANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Geljege miras» hususy kärhanasynda «Halk Maslahaty-halkyň erk isleginiň beýany» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň uly ähmiýeti bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekde, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekde, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakda, halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekde Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütler möhüm ähmiýete eýedir.

Ruhubelentlikde geçen duşuşyga gatnaşanlar beýik döwrümize bolan buýsanjyny beýan edip, Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TSTP