Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY-MILLI DÖWLETLILIGIŇ DAÝANJY

Golaýda şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belleýär. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bitewi ulgamy döredilýär, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralarynyň berk sütüni kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.

Biz hem geljekde öz öňümizde goýlan belent maksatlara ýetmekde öz nobatymyzda yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Bize şeýle bagtyýar döwri rowa görüp, gije-gündiz aladalanýan, adamzat ýaşaýşynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de dost-doganlygyň berkarar bolmagy üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe ugruna bolsun!

TSTP