Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

HALK MASLAHATY–JEMGYÝETIMIZIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERINIŇ DABARALANMAGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty - jemgyýetimiziň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanmagy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzyň taryhynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy wakada ýagny, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahatlar köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda orta alnyp maslahatlaşyljak pikirlerde, çykaryljak çözgütlerde halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen esasan hem, ata Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ykbaly, olara milli ruhda terbiýe bermek, ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşjak kämil ýaşlary kemala getirmek hem-de döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlener, şeýle hem häzirki talaplardan, ykdysady şertlerden ugur alnyp maslahatlaşylar diýip wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşanlar belläp geçdiler. 

Geçirilen duşuşykda  ýurdumyzy ösdürmek babatda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP