Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYK - BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda Mukaddes Garaşsyzlygymzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk - buýsanjymyz, bagtymyz»  atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny  zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.        

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.  

TSTP