Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA-HUSUSY ULGAMYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda-hususy ulgamyň şöhratly menzilleri» atly maslahat we sergisi geçirildi.

Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenilýär. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu eýýam bolsa ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda düýpli özgertmelere beslendi. 

Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň öň syrasynda Garaşsyzlyga bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyşy boldy. Häzirki wagtda  ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň müňlerçesini özünde jemleýär. Serginiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, türkmeniň milliligini açyp görkezmekden ybaratdyr. Maslahatda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky işleri barada çykyşlar edildi. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ägirt uly üstünlikler, beýik sepgitler täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz ildeşlerimiziň buýsanjyna, nesillerimiziň baýlygyna öwrülip, onuň esaslary hormatly Prezidentimiziň täze badalga beren maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen barha pugtalanýar. Halkymyz Garaşsyzlygyň miweleriniň hözirini görüp, ruhubelent zähmeti, watançylyk duýgusy bilen täze ösüşlere işjeň gatnaşýar.

Goý, Garaşsyzlygyň nurana ýolunda täze üstünliklere dowamat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP